Turkmenportal logo
27.09.23
4740947409
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň wekiliýeti Daşkentde geçirilen sebitleýin foruma gatnaşdy
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň wekiliýeti Daşkentde geçirilen sebitleýin foruma gatnaşdy

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň wekiliýeti Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi we Günorta Aziýanyň baş ştabynyň ýolbaşçylarynyň konferensiýasyna gatnaşdy.


Özbegistanyň Goranmak ministrliginiň resmi metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Daşkent şäherindäki «Özbegistan» halkara forumlar merkezinde geçirilen konferensiýa Türkmenistan bilen bir hatarda Özbegistanyň, ABŞ-nyň, Pakistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Täjigistanyň Goranmak ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.


Forumdan öň harby wekiliýetleriň agzalary Daşkent şäherindäki «Ýeňiş seýilgähi» ýadygärlikler toplumyna hem-de «Merdanalyk senasy» monumentine gül çemenlerini goýdular. Şeýle-de «Şan-şöhrat» muzeýine aýlanyp gördüler. Soňra «Özbegistan» forumlar merkezinde döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.


Konferensiýanyň çäklerinde sebit howpzulygy, terrorçylyga garşy göreşmek, ynsanperwer kömek we sebitleýin durnuklylyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.