Turkmenportal logo
23.09.23
5652756527
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ženewada Hazar deňziniň tebigatyny goramak boýunça maslahat geçirildi
Ženewada Hazar deňziniň tebigatyny goramak boýunça maslahat geçirildiSurat: mfa.gov.tm

Türkmen wekiliýeti 21-22-nji sentýabr günlerinde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) ministrler derejesindäki geňeşmelerine gatnaşdy.


Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşyga Hazarýaka döwletleriň – Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetleri gatnaşdylar.


Bellenilişi ýaly, geňeşmeleriň dowamynda Tähran konwensiýasynyň Sekretariatynyň institusional mehanizmleri, daşky gurşawy goramak boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem duşuşygyň jemleýji resminamasy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ženewada Hazar deňziniň tebigatyny goramak boýunça maslahat geçirildi | Turkmenportal.com