Turkmenportal logo
22.09.23
2124321243
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap welaýaty boýunça 15 milliard manatdan gowrak senagat önümleri öndürildi
Lebap welaýaty boýunça 15 milliard manatdan gowrak senagat önümleri öndürildi

Şu ýylyň geçen sekiz aýynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 15 milliard 402,3 million manada barabar boldy. Öndürilen önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi nebitgaz pudagynyň hasabyna emele geldi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.


Degişli döwürde welaýatdaky senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndysyny goşmak bilen) 4216,8 million manada barabar boldy.


Habarda bellenilişi ýaly, şol harytlyk önümleriň umumy möçberiniň 72 göterimi ýurduň daşyna iberildi. Hasabat döwründe sarp ediş harytlarynyň jemi öndürilişi 3 milliard 735,8 million manada ýetdi.