Turkmenportal logo
13.09.23
1611616116
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sankt-Peterburgda eýranly hünärmentleriň sergisi açyldy
Sankt-Peterburgda eýranly hünärmentleriň sergisi açyldy

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde häzirki zaman eýranly hünärmentleriň işleriniň sergisi açyldy diýip, «MIR 24» habar berýär.


Şäheriň Döwlet din taryhy muzeýinde eýranly ussalaryň çeken suratlary, keramika eserleri we el işleri ýerleşdirildi.


Hünärmentleriň sungat işleri Eýranda däp bolup gelýän usullarda ýerine ýetirilipdir. Mysal üçin, dürli reňkli boýaglary metala ýa-da keramika çaýmak sungatyna minakari diýilýär. Metaldan ýasalan işleriň ýüzüne altyndan guýma şekilleri ýerleşdirmek sungaty bolan torewtika sungat eserleri hem sergide orun aldy. Amaly-haşam sungatynyň bu görnüşleriniň müň ýaşy bar.


Eýranly hünärmentleriň döredijiliginde esasy orny dini mowzuk eýeleýär, eksponatlaryň köpüsinde Gurhandan süreler ýerleşdirilipdir.