Turkmenportal logo
13.09.23
2187521875
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Bahreýn bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Bahreýn bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Bahreýniň ýygyndysy bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda deňme-deň oýnady. Duşuşyk Dubaý şäherindäki Police Officers’ Club Stadium stadionynda geçirildi.


Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. 13-nji minutda Bahreýniň ýygyndysynyň ýarym goragçy Mohamed Marhun bilen geçiren goluna türkmen futbolçylary 29-njy minutda jogap berdiler. Türkmen ýygyndysynyň goluny Teýmur Çaryýew geçirdi.


Bu duşuşyk Mergen Orazowyň şägirtleriniň sentýabr aýyndaky ikinji ýoldaşlyk duşuşygydyr. 8-nji sentýabrda geçirilen duşuşykda olar Indoneziýanyň ýygyndysyndan 0:2 hasabynda asgyn geldiler.


Bu duşuşyklar türkmen ýygyndysy üçin Dünýä çempionaty — 2026-a taýýarlygyň möhüm tapgyrlarynyň biridir.