Turkmenportal logo
08.09.23
2347223472
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Daşary işler ministrliginde kabul edildi
UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Daşary işler ministrliginde kabul edildiSurat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan milli maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar Türkmenistan bilen UNFPA-nyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde birnäçe ugurda netijeli özara hereketler barada bellediler. Gender deňligi, reproduktiw saglygy we maşgalany meýilleşdirmek babatda üstünlikli hyzmatdaşlyk nygtaldy.


Şeýle hem habarda bellenilişi ýaly, geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy, şol sanda, ýaşlar syýasaty ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.