Turkmenportal logo
06.09.23
3398733987
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionatyna badalga berildi
Aşgabatda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionatyna badalga berildi

Aşgabat şäherinde erkekler we zenanlar toparlarynyň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň nobatdaky çempionatyna badalga berildi. Ýaryşa Türkmenistanyň welaýatlaryna we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän toparlaryň altysy gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Basketbol Federasiýasy habar berdi.


Çempionat aýlaw görnüşinde geçirilip, birinji tapgyryň duşuşyklary 5-nji sentýabrda oýnaldy. Turniriň final oýny 9-njy sentýabrda bolup geçer. Ýaryşyň jemleri boýunça erkekler we zenanlar toparlarynyň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempiony kesgitleniler.


Çempionatyň oýunlary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zalynda geçirilýär.