Turkmenportal logo
24.08.23
1889718897
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Saud Arabystanynyň ähli mekdeplerinde hytaý dili girizilýär

Saud Arabystanynyň Bilim ministrligi ähli hususy we döwlet mekdeplerinde mekdep maksatnamasyna hytaý dilini öwretmegi girizmek barada görkezme berdi diýip, «Tengrinews.kz» ýazýar.


«Saudi Gazette» neşirine çap edilen habarda şeýle çözgüt Patyşalygyň Mirasdüşer Şazadasy we Premýer-ministri Muhammed ben Salman Al Saudyň Hytaýa sapary wagtynda kabul edildi diýilýär.


Bilim ministrligi hytaý dilini mekdeplerde ýekşenbe we duşenbe günleri dördünji sapak hökmünde öwretmek barada görkezme berdi.