Turkmenportal logo
10.08.23
3920339203
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäde iň uly pişik gapyny açmagy we stolda naharlanmagy başarýar

Dünýäde iň uly pişigiň eýesi onuň özbaşdak gapyny açmagy we stola böküp münmän, onda naharlanmagy başarýar diýip gürrüň berýär. Bu barada «Daily Star» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.


Fenrir atly pişigiň eýesi Uill Pauersiň gürrüň bermegine görä, ol henizem ösmegini dowam edýär. Eýesi pişigiň mundan beýläk ösmezligi üçin onuň naharlamagy çäklendirmäge mejbur boldy.


«Ol çakdanaşa ulaldy, özem iýmit dannanok, şonuň üçin ony naharlamagy çäklendirmeli bolduk» diýip, Pauers düşündirýär.


Uilliň sözlerine görä, onuň pişigi yzky aýaklaryna galyp gapyny açmagy ýa-da üstüne bökmezden stolda naharlanmagy başarýar. Onsoňam Fenrir dünýäde öý pişikleriniň iň ulusy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi.