Turkmenportal logo
04.08.23
4293042930
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Özbegistan bilen Täjigistana gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy teklip edýär
Türkmenistan Özbegistan bilen Täjigistana gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy teklip edýär

4-nji awgustda Aşgabatda geçirilen üçtaraplaýyn sammitiň çäginde türkmen wekiliýeti gaz pudagynda Özbegistan we Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow mälim etdi diýip, «CentralAsia.news» habar berdi.


Raşid Meredowyň aýtmagyna görä, Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe.


Häzirki wagtda gaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler açylýar. Türkmenistanda ägirt uly tebigy gaz gorlary bar. Gaz eksportyny diwersifikasiýa etmek we öndürijiniň, üstaşyr geçýän ýurduň we energiýa sarp edijiniň bähbitleriniň deňagramlylygyny göz öňünde tutmak halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde biziň üçin esasy ýörelgelerdir. Hut şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň arasynda gaz ýatagynda strategik hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdik — diýip, wise-premýer belledi.


Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça dünýäde iň uly «Galkynyş» tebigy gaz ýatagynyň üçünji we dördünji tapgyrlaryny özleşdirmek üçin iri möçberli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.


Şunuň bilen baglylykda, ýakyn ýyllarda Türkmenistanda mawy ýangyjyň önümçiligini azyndan 60 milliard kub metr artdyrmagy meýilleşdirýäris. Bu barha ösýän içerki zerurlyklary doly kanagatlandyrmaga, şeýle hem türkmen çig malynyň daşary ýurda iberilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde, iň ýakyn goňşularymyz Özbegistana we Täjigistana türkmen gazyny eksport etmek biziň esasy wezipämiz bolar —diýip, Reşid Meredow aýtdy.