Turkmenportal logo
02.08.23
5383253832
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moskwa — Aşgabat gatnawynyň ýolagçylaryna Domodedowo howa menzilinden Kazana gitmäge ýardam berler

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agenti «WKontakte» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda Moskwadan Aşgabat şäherine uçuşlaryň hemmesiniň Kazan howa menziline geçirilendigini habar berdi. Ýolagçylara Domodedowo howa menzilinden mugt awtobus gatnawy berilýär. 1-nji awgustda uçmaly ilkinji uçuş bir gün yza süýşürildi. Ýolagçylardan howa menziline öňünden gelmegi haýyş edilýär.


«Hormatly ýolagçylar. Moskwa — Aşgabat T5704 gatnawy 2023-nji ýylyň 1-nji awgustynda ýola çykýar.


Bu gatnawyň ugramagy 2-nji awgustda Kazandan meýilleşdirildi. Ýolagçylar Domodedowo howa menzilinden ýola çykjak amatly şäherara awtobuslar bilen Kazana eltiler. Kazana gitmegi 19:30-da guramak üçin giriş hasaplaýjylaryna gelmegiňizi haýyş edýäris.


Şeýle hem, şu hepde indiki ähli uçuşlar üçin Domodedowo howa menzilinden Kazana awtobus gatnawyň guraljakdygyny habar berýäris.
T5726 / 2023-nji ýylyň 2-nji awgusty
T5724 / 2023-nji ýylyň 4-nji awgusty
Т5706 / 2023-nji ýylyň 5-nji awgusty


Petekleriňizde görkezilen wagtdan 3 sagat öň howa menziline gelmegiňizi haýyş edýäris» diýlip, habarda aýdylýar.


Ozal «Turkmenportal» «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryň togtatýandygyny habar beripdi. Russiýa uçuşlar Aşgabat (ASB) — Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB) ugurlarynda amala aşyrylar.


Uçuş tertibi we petekler boýunça has giňişleýin maglumatlary awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan alyp bilersiňiz.