Turkmenportal logo
01.08.23
4290142901
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Coddy» programmirleme mekdebinde tomusky IT-okuwa kabul edişligiň üçünji tapgyry başlanýar

«Iş Nokady» hojalyk jemgyýeti — «Coddy» çagalar programmirleme mekdebiniň resmi wekilligi ýaş türkmenistanlylary tomusky IT-okuwlarynyň üçünji (2023-nji ýylda soňky) tapgyryna gatnaşmaga çagyrýar.


«Coddy» tomusky okuwlary — 6 ýaşdan 14 ýaşa çenli çagalar üçin programmirlemegiň we oýunlary işläp düzmegiň esaslaryny öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Hepdäniň dowamynda tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda çagalar öz programmalaryny we taslamalaryny nädip döretmelidigini öwrenerler.


Okuw meýilnamasy şulary göz öňüne tutýar:


  • «Minecraftda» çat botlaryny döretmek;
  • «Blenderde» oýun 3D modelirlemesi;
  • «Python» dilinde oýun programmirlemek.

Sapaklaryň dowamynda gatnaşyjylaryň hersine aýratyn çemeleşilýär. Tomusky tematiki okuwlar çagalara we ýetginjeklere döwrüň iň köp isleg bildirilýän we iň köp girdejili hünärleriniň biri bolan programmirlemegiň esaslaryny özleşdirip, wagtlaryny peýdaly geçirmäge ýardam eder.


IT-okuwyň üçünji toparynyň sapaklary 7 — 12-nji awgust aralygynda 6 günläp dowam eder. Sapak wagty 10:00-dan 14: 00-a çenli.


Sapaklaryň dowamlylygy kiçijik naharlanmak wagty we günortanlyk arakesmeler, şeýle hem ahyrynda gyzykly interaktiw oýunlar bilen bilelikde iki ýarym sagada barabardyr. IT okuwlaryna gatnaşyjylar okuw şahadatnamalaryny alarlar.


Tomusky okuwlaryň 6 gün üçin — 1000 manat (muňa günortanlyk naharyň bahasy hem goşulýar).


Okuwlara ýazylmak üçin salgylanmada görkezilen ýörite boşlugy doldurmaly ýa-da (+993 63) 42 67 51 we (+993 63) 47 11 92 jaň etmelidir.


Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., «Berkarar» işewürlik merkezi, 1-nji gat, «Iş Nokady» kompaniýasynyň ofisi.