Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly birnäçe resminamalara gol çekdi.
Döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli Permanlaryna laýyklykda:
- Gurbanow Ýazmuhammet, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Röwşen Jepbargulyýewiç Hojagulyýew bellenip, ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
- Hojamyrat Aşyrmyradow Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Şeýle-de degişli resminama esasynda, Jumanazar Annaýew Balkan welaýatynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
- Soltanmyrat Akmämmedowiç Soltanmyradow Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
- Annaberdiýew Döwranberdi Orazberdiýewiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Begençmyrat Sapargeldiýewiç Orazow bellenildi.
