Turkmenportal logo
14.07.23
2537425374
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Emmanuel Makrony Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Emmanuel Makrony Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.


Serdar Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.