Türki halklaryň medeniýetiniň we mirasynyň halkara gaznasynyň prezidenti Günaý Efandiýewa Türkiýäniň Şweýsariýadaky ilçisi Eje Açarsoý bilen duşuşdy. Duşuşyga Gaznanyň howandarlygynda döredilen «Ýedi gözel» aýdym-saz ansambly hem gatnaşdy.
«Azernews»-iň habaryna görä, duşuşykda Gaznanyň türki dünýäsini gorap saklamaga we wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işleri, şeýle hem dürli ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýeri gelende bellesek, «Ýedi gözel» aýdym-saz ansambly Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan, Türkmenistan we Wengriýa ýaly ýedi ýurda wekilçilik edýän sungat işgärlerinden düzülendir. Ansamblyň çeper ýolbaşçysy — sungat ussady, pianinoçy Turan Manafzade.
Ýatlap geçsek, Azerbaýjanda Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çärede hem «Ýedi gözel» köpçüligi haýran galdyrypdy diýip, çeşme belleýär.
Duşuşygyň çäklerinde ansamblyň konserti hem geçirildi. Konsert Azerbaýjanyň Şweýsariýadaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Ansamblyň ýerine ýetiren çykyşlary şweýsar jemgyýetçiligi tarapyndan uly duýgudaşlyk we el çarpyşmalar bilen garşy alyndy.