Turkmenportal logo
17.06.23
4381743817
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Islandiýa Respublikasynyň jar edilen güni bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Islandiýa Respublikasynyň jar edilen güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Islandiýa Respublikasynyň Prezidenti Gwýudni Ýouhannessona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.


Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gwýudni Ýouhannessona berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Islandiýa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.

Serdar Berdimuhamedow Islandiýa Respublikasynyň jar edilen güni bilen gutlady | Turkmenportal.com