Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
— Soňky on ýylyň içinde Siziň ýolbaşçylygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy döwrebap sosialistik döwleti gurmak ýolunda ajaýyp üstünlikleri gazandy. Siziň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşýan şahsy goşandyňyza biz ýokary baha berýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine, ählumumy parahatçylyk, durnukly ösüş ugrunda üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynanýaryn — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, uzak ömür we ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

