Turkmenportal logo
08.06.23
3334733347
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda geçirilýän halkara tennis ýaryşynyň myhmanlary üçin gezelençler guralýar
Aşgabatda geçirilýän halkara tennis ýaryşynyň myhmanlary üçin gezelençler guralýar

Aşgabatda 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça geçirilýän Merkezi Aziýanyň birinjiliginde gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar ýaryşdan boş wagtlarynda türkmen paýtagtyna gezelenç edýärler.


Olar şäheriň döwrebap we taryhy ýerlerine baryp gördüler. Hususan-da, Nusaý galasyna guralan gezelenç täsirli boldy diýip, türkmen metbugaty ýazýar.


Mundan başga-da, ajaýyp medeni dynç alyş we söwda merkezlerinde bolmaklary Merkezi Aziýanyň çagalarynda ýatdan çykmajak täsirleri döretdi. Olar ak mermere bürenen Aşgabat şäheriniň gijeki gözelligini hem synladylar.


Myhmanlaryň paýtagta gezelençleri dowam edýär. Şu gün olaryň Aşgabatdaky Janly tebigatyň milli muzeýine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär.