Turkmenportal logo
24.05.23
2097220972
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: «Energetik» Mary derbisinde «Merwden» üstün çykdy

8-nji tapgyrda Mary şäherinde geçirilen derbide «Energetik» «Merwden» üstün çykdy.


Şäherdäki 10 müň orunlyk Sport toplumynda geçirilen duşuşyk «Energetigiň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeke-täk pökgini Arslan Ýusubow öz adyna ýazdyrdy. Ol duşuşygyň esasy wagtynyň goşmaça minutlarynda tapawutandy.


«Merw» 52-nji minutdan başlap, meýdanda bir adam az bolup galdy. Emin şol minutda Azat Orazmuhammedowy ikinji sary kartdan soň oýundan çykardy.


6 utukly «Energetik» ýaryş tertibiniň altynjy, 5 utukly «Merw» bolsa sekizinji basgançagynda barýar.