Turkmenportal logo
23.05.23
5452254522
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda futbol tälimçileri üçin okuw kursy geçirildi

AFK-nyň gözükdirijisi, eýranly hünärmen Parnow Abdohosseýin Türkmenistanda «Level 1B» tälimçilik kursuny berdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.


Okuwlar Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan guraldy.


Paýtagtda geçirilen beden taýýarlygy boýunça okuw-kursunyň gözükdirijisine ýerli hünärmen ― AFK-nyň gözükdirijisi Röwşen Muhadow ýardam berdi. Okuw-kursy nazaryýetdir tejribeçilik sapaklaryny öz içine aldy.


Okuw-kursuna ýerli hünärmenleriň 11-siniň gatnaşandygyny bellemek gerek.


Ýeri gelende bellesek, okuw-kursy 2019-njy ýylda paýtagtymyzda geçirilen AFK-nyň «Level 1A» okuw-kursunyň dowamy bolup durýar.


Geçirilen okuw-kursunyň jemi boýunça synaglardan üstünlikli geçenlere ýörite sertifikatlar gowşurylar.