Aşgabat şäheriniň ýygyndysy gandbol boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy.
Ýaryş Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de ýurduň Gandbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zalynda geçirildi.
Paýtagtdan we ýurduň ähli sebitlerinden toparlaryň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda Lebap welaýatynyň topary ikinji, maryly gandbolçular üçünji orny eýelediler.
Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri dabaraly ýagdaýda sylaglandy.