Turkmenportal logo
30.04.23
2193221932
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BAE-li welosipedçiler Aşgabatda saparda boldular

Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Ittihad» agentligi ýurduň «Al-Watba» welosipedçiler toparynyň wekiliýetiniň Türkmenistana gelendigini habar berdi.


Bu sapar Türkmenistanyň Welosiped sporty federasiýasynyň çakylygy boýunça BAE-niň Aşgabatdaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde amala aşyryldy.


Saparyň çäklerinde «Al-Watba» welosipedçiler toparynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Gulmyrat Agamyradow bilen duşuşygy boldy. Taraplar sport babatynda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli gatnaşdy.


Wekiliýet Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigine, Welosport binasyna, Türkmen halysynyň milli muzeýine we atçylyk toplumyna baryp gördi.


Mundan başga-da, «Al-Watba» toparynyň agzalary Aşgabadyň eteginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen şosse ýaryşlary boýunça türgenleşik işleriniň birnäçesini geçirdiler.