Türkmenistanda jemgyýetçilik desgalarynyň gurluşygy barha ýokary depgine eýe bolýar. Öňümizdäki ýyllarda guruljak iri ýaşaýyş jaýlary, köp öýli ýaşaýyş jaýlary we kottej toplumlary ýurduň ýaşaýyş jaý gaznasynyň üstüni ýetirer. Diňe etraplar ýa-da etrapçalar däl, eýsem, tutuş şäherler gurlup, ulanmaga berilýär.
Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyndan jaý almak Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksine esaslanýar. Ol döwletden jaý almaga mätäç adamlaryň toparlaryny düzgünleşdirýär we esasy kesgitlemeleri berýär. Şeýle hem bu kanun taslamasy ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç raýatlary hasaba almagyň tertibi bilen baglanyşykly amallary kadalaşdyrýar we durmuş üpjünçilik pudagy bilen baglanyşykly kanuny kadalary kesgitleýär. «ORIENT» tarapyndan taýýarlanan makala salgylanyp, ýurduň ýaşaýyş jaý gaznasyndan jaý almak ýaly döwlet kömegi üçin arkaýyn ýüz tutup biljek adamlaryň toparlary barada «Turkmenportalyň» okyjylary üçin maglumatlary taýýarladyk.
Ilki bilen döwletiň iki sebäbe görä ýaşaýyş jaý berip bilýändigini bellemek gerek: Olaryň birinjisi, hususy ýaşaýyş jaýynyň ýykylmagy, ikinjisi bolsa, ýaşaýyş jaýyna mätäç raýatlaryň sanawynda hasaba alynmak.
Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, döwlet ýa-da jemgyýetçilik hajatlary üçin ýer böleginiň yzyna alynmagy bilen bagly hususy ýaşaýyş jaýy ýykylan halatynda jaýyň eýesine we onuň maşgala agzalaryna başga bir amatly ýaşaýyş jaýy berilýär ýa-da ýykylan ýaşaýyş jaýynyň bahasynyň möçberinde öwez puly tölenilýär. Töleg Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar. Şeýle hem hususy ýaşaýyş jaýy ýykylanda ýykylýan ýaşaýyş jaýynyň, onuň kömekçi hojalyk binalarynyň bahasyny tölemek bilen, bellenilen möçberde hususy eýeçilige özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak we oňa hyzmat etmek üçin ýer bölegi berlip bilner. Şol bir wagtyň özünde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin üç ýyldan köp bolmadyk möhlete kireýine almak-bermek şertnamasynyň şertlerinde wagtlaýyn ýaşaýyş jaýy berilýär.
Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyndan jaý almagyň ikinji usuly, ýokarda agzap geçişimiz ýaly, ýaşaýyş jaýyna mätäç raýatlaryň sanawynda hasaba alynmakdyr. Döwletden ýaşaýyş jaýyny almak hukugy ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç bolan islendik raýat tarapyndan ulanylýar. Her bir raýat diňe bir ýaşaýyş jaýyny edinmäge haklydyr.
Şu aşakdaky halatlarda raýatlar ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç diýlip hasap edilýär:
- döwlete ýa-da eýeçiligiň beýleki görnüşlerine degişli ýaşaýyş jaýynda kireýine almak-bermek şertnamasy boýunça uzak wagtlap ýaşaýan bolsa;
- umumy ýaşaýyş jaýynda hemişelik ýaşaýan bolsa, umumy ýaşaýyş jaýyna okuw bilen baglanyşykly ýerleşilen halatlary muňa girmeýär;
- ýaşaýyş jaý meýdanynyň ölçegi her adam başyna dokuz inedördül metrden az bolan ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan bolsa;
- bir ýa-da biri-biriniň üstünden geçilýän otaglarda iki ýa-da şondan köp maşgala, şeýle hem aýry jynsly çagalary bolan maşgala ýaşaýan bolsa;
- sanawy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýän keselleriň agyr görnüşlerinden ejir çekýän we şoňa görä-de üzňeleşdirilen otaga mätäç bolsa;
- ýaşaýyş jaýy bellenen arassaçylyk we beýleki kadalaryň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa.
Şu aşakdaky adamlar ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak babatda döwletiň goldawyna mätäç raýatlaryň toparyna degişli edilýär:
- Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, wepat bolan (aradan çykan) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň ýanýoldaşy, beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň weteranlary we Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlar;
- I we II topar maýyplygy bolan adamlar, maýyplygy bolan eneler, şeýle hem özbaşdak saglygy dikeldiş maksatnamasynyň talaplaryny nazara almak bilen maýyplygy bolan çagalary terbiýeleýän maşgalalar;
- eklenjinde çagalykdan maýyplygy bolan çagasy bolan adamlar;
- ata-enesini ýitiren ýetim çagalar;
- terbiýelemeginde dört we şondan köp çagalary bolan adamlar;
- gulluk ýa-da jemgyýetçilik borçlaryny, harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde, adam ömrüni halas edenlerinde, hukuk tertibini goranlarynda wepat bolan adamlaryň, şeýle hem radiasiýa betbagtçylygy netijesinde heläk bolan ýa-da ondan kesellemegi bilen aradan çykan adamyň maşgala agzasy bolan adamlar;
- harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmegi sebäpli, şeýle hem saglyk ýagdaýyna görä ýa-da guramaçylyk-düzüm çäreleriniň geçirilmegi sebäpli harby gullukdan boşan adamlar (eger olaryň harby gullukda bolan umumy wagty 10 ýyl we şondan köp bolsa);
- özi bilen bile ýaşap bir ýa-da şondan köp kämillik ýaşyna ýetmedik çagany bir özi terbiýeleýän ene (ata).
Döwlet ýerli ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýyny almaga hukugy bolan raýatlary hasaba kabul etmek ýaşaýan ýerleri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Hasaba kabul etmek üçin gerek bolan resminamalaryň sanawy we görnüşi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär we şolardan daşary hiç hili goşmaça resminamalaryň talap edilmegine ýol berilmeýär. Ýaşaýyş jaýyny almaga hukugy bolan raýatlary we olaryň maşgala agzalaryny hasaba kabul etmek hakynda arza bir aýyň dowamynda garalýar. Şeýle hem arza boýunça kabul edilen karar hakynda raýatlara ýazmaça habar berilýär.
Eger raýatyň soňky bäş ýylyň içinde şu aşakdakylar arkaly öz ýaşaýyş jaý şertlerini bilkastlaýyn ýaramazlaşdyrmagy netijesinde, ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäç bolandygy anyklansa, hasaba kabul etmekden ýüz dönderilip bilner:
- ýaşaýyş jaýyny çalyşmagy;
- ýaşaýyş jaýynyň onuň günäsi boýunça ýumrulmagy ýa-da zaýalanmagy;
- bilkastlaýyn ýaşaýyş şertleri ýaramaz jaýda ýaşamagy;
- ýakyn maşgala agzalaryndan başga adamlary ýaşaýyş jaýyna göçürip getirmegi.
Ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç bolan raýatlaryň hasabynda duranlar şu halatlarda hasapdan aýrylyp bilinýär:
- ýaşaýyş jaýynyň berilmegi üçin esaslar aradan aýrylsa;
- hemişelik ýaşamak üçin başga ilatly ýere gitse;
- ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäçligi barada hakykata laýyk gelmeýän maglumatlar berse;
- hususy eýeçilige degişli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny tamamlasa ýa-da ýaşaýyş jaýyny eýeçiligine edinse.
Ýaşaýyş jaýy ony almaga hukugy bolan raýatlaryň hasaba kabul edilen pursadyndan başlap, bellenen tertipde jemgyýetçiligiň gatnaşmagy bilen düzülen sanawlar esasynda nobatlylyga laýyklykda berilýär.
Raýatlar öz gezeginde jemgyýetçiligiň gatnaşmagy bilen düzülen sanawlar esasynda nobatlylyga laýyklykda jaý alýarlar. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary sanawyň dogry ýöredilmegini we üýtgewsiz saklanylmagyny üpjün edýärler.
Ýaşaýyş jaýyny almaga hukugy bolan we hasaba kabul edilen raýatlaryň şu sanawlary ýöredilýär:
1). Ýaşaýyş jaýyny almaga hukugy bolan we hasaba kabul edilen raýatlar (umumy sanaw);
2). Ýaşaýyş jaýyny ilkinji nobatda almaga hukugy bolan we hasaba kabul edilen raýatlar;
3). Ýaşaýyş jaýyny nobatsyz almaga hukugy bolan we hasaba kabul edilen raýatlar.
Kanun bu sanawlarda nobatda duran raýatlaryň hukuklarynyň deňdigini, hiç kimiň artykmaç hukuga eýe bolup, goşmaça artykmaçlykdan ýa-da ýeňillikden peýdalanyp bilmejekdigini öňe sürýär. Jaý bermek ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetler tarapyndan amala aşyrylýar. Sanawlar raýatlaryň talap etmegi boýunça olara tölegli berilýär, olarda raýatlaryň nobatlylygy we ýaşaýyş jaýynyň berlen wagty hakynda maglumatlar görkezilýär.
Ýaşaýyş jaýyny ilkinji nobatda almaga kimiň hukugy bar?
- Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary (Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylardan beýlekiler), wepat bolan (aradan çykan) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň ýanýoldaşy, beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketlerine gatnaşanlar, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlar;
- Türkmenistanyň Gahrymanlary, Sowet Soýuzynyň Gahrymanlary we Sosialistik Zähmetiň Gahrymanlary, «Altyn asyr» ordeniniň üç derejesiniň hemmesi bilen sylaglanan adamlar;
- zähmet işi ýa-da harby gulluk, şeýle hem gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly hünär keseli, ýaralanmagy, şikes almagy ýa-da saglygyna ýetirilen başga zeper zerarly I we II topar maýyplygy bolan adamlar;
- gulluk borjuny ýerine ýetirende wepat bolanlaryň maşgalalary;
- agyr keselliler;
- radiasiýa betbagtçylygy netijesinde heläk bolan ýa-da ondan kesellemegi bilen aradan çykan adamyň maşgala agzalary;
- Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylan eneler, dört we şondan-da köp çagaly maşgalalar hem-de ýeke ýaşaýan eneler;
- ekiz çagasy bolan maşgalalar;
- kärhanalaryň we guramalaryň zähmetkeşler köpçüliginiň çözgüdi esasynda, önümçilik ugurlarynda köp wagtlap ak ýürekden işlän işçiler we gullukçylar;
- umumy orta bilim, orta hünär bilim berýän mekdepleriň mugallymlary we pedagogik işgärleri;
- ata-enesini ýitiren ýetim çagalar.
Ýaşaýyş jaýyny nobatsyz almaga kimiň hukugy bar?
- tebigy betbagtçylygyň netijesinde ýaşaýyş jaýy ýaşamak üçin ýaramsyz bolan raýatlar;
- Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar we beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketlerinde maýyplygy alan adamlar;
- Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň maýyplygy bolan maşgala agzalary;
- çagalar edaralaryndan, dogan-garyndaşlaryndan, hossaryndan ýa-da howandaryndan dolanyp gelen adamlara, eger kanun boýunça bularda öňki ýaşaýyş jaýyny eýelemek hukugy saklanan bolsa, ýöne şol jaýa kanuny esas boýunça göçüp barmak mümkin bolmasa;
- ýetim ýa-da ata-enesiniň howandarlygyndan galan, ýatymlaýyn şertlerde durmuş kömegi edaralarynda bolýan maýyplygy bolan çagalar, eger olar kämillik ýaşyna ýetenden soň özbaşdak saglygy dikeldiş maksatnamasyna laýyklykda özlerine hyzmat edip we özbaşdak ýaşap biljek bolsalar;
- orta hünär, ýokary hünär ýa-da ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi okuw mekdebini tamamlan we paýlamak tertibinde işe iberilen adamlar;
- bikanun iş kesilip, soňra aklanan raýatlar, öňki ýaşan ýaşaýyş jaýyny oňa kanuny esas boýunça gaýtaryp bermek mümkin bolmasa.