Turkmenportal logo
05.04.23
2816128161
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Fraýburg» «Bawariýany» Germaniýanyň Kubogy üçin göreşden çykardy
Surat: apnews.com

Mýunheniň «Bawariýa» kluby Germaniýanyň Kubogynyň 1/4 final tapgyrynda «Fraýburgdan» asgyn gelip, ýaryşy terk etdi.


Mýunhen şäherindäki «Allianz Arena» stadionynda geçirilen oýun 2:1 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.


Duşuşygyň 19-njy minutynda Daýo Upamekano hasaby açmagy başardy. Emma myhmanlar 27-nji minutdaky Hefleriň goly bilen dessine hasaby deňlediler. Toparlar arakesmä 1:1 hasabyndaky deňlikde çykdylar.


Oýnuň ikinji ýarymy dolulygyna ýer eýeleriniň üstünlik etmeklerinde geçdi. Emma muňa garamazdan, gol urmak myhmanlara nesip etdi. Has takygy, 90+5-nji minutda emin «Bawariýanyň» derwezesine penalti belledi hem-de ony dürs ýerine ýetiren Lukas Heler toparyna 2:1 hasabyndaky ýeňşi sowgat etdi.



Surat:apnews.com


Şeýlelikde, «Bawariýa» Germaniýanyň Kubogyndaky ýörişini çärýek finalda tamamlamaga mejbur boldy.


Ýeri gelende bellesek, bu ýeňliş Tomas Tuhel üçin «Bawariýanyň» halypasy hökmündäki ilkinji şowsuzlyk boldy.