Turkmenportal logo
03.04.23
2342923429
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Teýmur Çaryýew «Abdyş-Ata» bilen gyrgyz çempionatyndaky ilkinjiduşuşykda goragda sak durdy

«Abdyş-Ata» Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň 1-nji tapgyrynda «Talanty» kabul edip, garşydaşy bilen deňme-deň oýnady. Başlanyşy ýaly, 0:0 tamamlanan duşuşykda toparlar 1 utukdan paýlaşdylar.


Türkmenistanly goragçy Teýmur 1-nji tapgyrda «Abdyş-Atanyň» düzüminde gyrgyz çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Ol 64-nji minutda gazagystanly Yslam Mejidowy çalyşdy.


Geçen ýyl Marynyň «Energetiginde» futbol oýnan Çaryýew «Abdyş-Ata» geçen gyşky transfer penjiresinde goşuldy. Ol täze toparyndaky ilkinji resmi duşuşygyny Gyrgyzystanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky oýunda geçirdi.