Turkmenportal logo
31.03.23
4537645376
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Smailow ýene Gazagystanyň Hökümet başlygy boldy
Surat: tengrinews.kz

Gazagystanyň häzirki Premýer-ministri Alihan Smailow ýene bu wezipä saýlandy. Ýurduň Mažilisiniň deputatlary onuň kandidaturasyny goldap ses berdiler diýip, «MIR 24» ýazýar.


Mažilisiň deputatlarynyň 98-sinden 97-si ses berlişige gatnaşdylar, Smailowy goldap olaryň 82-si ses berdi, ýedi deputat garşy çykdy, sekiz adam saklandy.


Öň Smailowy Respublikanyň Ministrler Kabinetiniň Başlyklygyna Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe Amanat partiýasy teklip edipdi, bu partiýa Parlamente möhletinden öňki saýlawlarda sesleriň köplügini gazandy.