Turkmenportal logo
15.03.23
2341623416
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Inter» 2011-nji ýyldan soň ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykdy

«Inter» soňky 12 ýylyň içinde ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykdy. Bu barada «Sports.ru» ýazýar.


Simone Indzaginiň şägirtleri 1/8 finalda 1:0 we 0:0-luk hasaplar bilen «Portudan» üstün çykdylar. Italýan toparynyň çärýek finaldaky garşydaşy biraz soňrak belli bolar.


«Inter» Ýewropanyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşynyň çärýek finalyna taryhynda iň soňky gezek 2010 ― 2011-nji ýyllaryň futbol möwsüminde çykyp görüpdi.


Şondan bir möwsüm öň bolsa «Interiň» Çempionlar ligasynyň çempiony bolandygyny ýatladýarys. Topar finalda «Santýago Bernabeu» stadionynda nemesleriň «Bawariýasyny» utupdy.