Turkmenportal logo
06.03.23
2077820778
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ronaldu ýer titremesinde ezýet çeken siriýaly oglanjygy duşuşyga çagyrdy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol toparynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Siriýadaky ýer titremesinde kakasyny ýitiren oglanjyk bilen duşuşdy ― diýip, «Sport-ekspress» habar berýär.


6-njy fewral güni Türkiýäniň we Siriýanyň çäklerinde bolan güýçli ýer titremesinde kakasyny ýitiren Nabil Said atly oglanjyk jemgyýetçilik torlarynda özüniň futbol janköýeridigini aýdypdy. Ronaldu bu oglanjygy Saud Arabystanynyň çempionatynda «Al-Nasr» bilen «Al-Batiniň» arasynda geçirilen duşuşyga çagyrdy.


Duşuşykdan soňra Ronaldu oglanjyk bilen görüşdi. Nabil bu duşuşykdan soň žurnalistlere şeýle diýdi:


«Ronalduny görenimde, bu waka düýşümde bolýandyr öýtdüm. Hudaýa şükür, ol düýş däl eken. Biz Ronaldu bilen duşuşdyk. Ol örän gowy adam».