Turkmenportal logo
05.03.23
3744937449
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda gümrük taýdan resmileşdirmegiň nyrhlary arzanlady
Türkmenistanda gümrük taýdan resmileşdirmegiň nyrhlary arzanlady

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda Üstaşyr deklarasiýalary we «Sanly gümrük amaly» programma üpjünçiliginde degişli maglumatlary doldurmak üçin täze nyrhnamalar bellenildi.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň web sahypasynda aýdylmagyna görä, nyrhnamalara laýyklykda, daşary ykdysady işine gatnaşýan taraplar üçin degişli hyzmatlar boýunça tölegleriň mukdarlary azaldyldy.


Harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin hyzmatlar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ykdysady dolandyryş müdirligi tarapyndan üpjün edilýär.