Ussat ýapon ýazyjysy Haruki Murakami täze romanyny neşir etdirer, onuň öňki eseri mundan alty ýyl öň, 2017-nji ýylyň fewralynda çykypdy diýip, «MIR 24» habar berýär.
Täze roman «Şäher we onuň ygtybarsyz diwarlary» diýlip atlandyrylýar, kitabyň mazmunyny «Murakaminiň kalbyňy lerzana getirjek päk, 100 göterim dünýäsi» hökmünde häsiýetlendirýärler. Kitabyň möçberi 1200 sahypadan ybarat.
Täze eser Murakaminiň 15-nji roman bolar. Ýazyjynyň eserleri 40-dan gowrak dile terjime edildi. Ol köpsanly edebiýat baýraklarynyň eýesidir. Birnäçe gezek edebiýat boýunça Nobel baýragyna hödürlendi.
2018-nji ýylda Murakami Nobel baýragyna dalaşgärlikden ýüz öwürdi, ol muny täze romanyň üstünde işleýändigi hem-de žurnalistleriň ünsünden uzakda bolmak isleýändigi bilen düşündirdi.