Turkmenportal logo
01.03.23
3355533555
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwletjan Ýagşymyradow türgenleşik lageri bilen hoşlaşdy

Garyşyk göreş boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow Bellator 292-niň çäginde litwaly Julios Englokas bilen boljak tutluşygynyň türgenleşik lagerindäki taýýarlygyny tamamlady. Ol bu barada özüniň jemgyýetçilik torlaryndaky hasabyndan habar berdi.


«Ine-de, biziň tutluşyga taýýarlygymyz tamamlandy. Lagerde maňa kömek edenleriň ählisine hoşallyk bildirýärin» diýip, pälwan ýazdy.


Döwlet Ýagşymyradowyň ýarymagyr agram derejesindäki tutluşygynyň 10-njy martda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Hose şäherindäki «SAP-sentr» sport toplumynda geçiriljekdigini ýatladýarys.