Turkmenportal logo
27.02.23
3219632196
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Höwesjeňler dünýäde iň uly noutbuk döretdiler
Surat: google.com

YouTube-ýaýlymyň awtorlary Ewan we Katelyn wideo çap etdiler, onda olar öz elleri bilen dünýäde iň uly noutbuk döredendiklerini gürrüň berýärler diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.


Olar noutbuk üçin Intel NUC 11 kiçi-HK we 43 dýuýmlyk ekranly «Samsung M70B» telewizory peýdalandylar.


Täsin enjam üçin agramy 2,5 kilogram bolan Redragon K605 klawiaturasy saýlanyp alyndy. Şeýle-de boýy 1,24 sm we ini 16 sm bolan LTC trekpady, ulgamy iýmitlendirmek üçin güýji 150 Wt-sag bolan iki sany akkumulýator ulanyldy.


Blogerleriň täze noutbuk baradaky wideosyna 700 müň adam tomaşa etdi.