Turkmenportal logo
26.02.23
2544325443
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Azmun «Baýeri» ýeňlişden halas etdi

«Baýer» Germaniýanyň bundesligasynyň 22-nji tapgyrynda myhmançylykda «Fraýburg» bilen deňme-deň oýnady. Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.


Oýundaky birinji gol 29-njy minutda ýer eýeleriniň ýarymgoragçysyWinçenso Grifo tarapyndan geçirildi. 67-nji minutda bolsa, «Baýeriň» hüjümçisi Serdar Azmun tapawutlanyp, toparynyň ýeňlişden halas etdi.


Ýeri gelende bellesek, bu gol Azmun üçin bundesliganyň şu möwsümindäki ilkinjisidir. Ol Germaniýanyň çempionatynda soňky gezek 2022-nji ýylyň aprel aýynda «Groýter Fýurt» klubynyň derwezesine gol geçiripdi. Bundesliganyň 2021/22-nji ýyllardaky möwsüminiň 31-nji tapgyryndan orun alan şol oýun 4:1 hasabynda «Baýeriň» peýdasyna tamamlanypdy.


Häzirki wagtda «Baýer» bundesliganyň turnir tablisasynda 28 utuk bilen 11-nji ýerde barýar. 41 utuk toplan «Fraýburg» bolsa ilkinji bäşligi jemläp dur.


Maglumat üçin, Serdar Azmunyň 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Sankt-Peterburgyň «Zeniti» bilen hoşlaşyp, «Baýeriň» düzümine goşuldy. 28 ýaşly türkmen asylly eýranly hüjümçi bundesliganyň şu möwsüminde 12 oýunda meýdança çykdy