Turkmenportal logo
21.02.23
162054162054
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmentelekom» Türkmenistandaky internetiň bahasyny arzanlatdy we tizligini ýokarlandyrdy

«Türkmentelekom» aragatnaşyk kärhanasy 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan nyrhnamalaryň bahasyny arzanlatdy we internet tizligini ýokarlandyrdy. Bu barada «Türkmentelekomyň» resmi saýtynda habar berilýär.


Täze girizilen nyhnamalara laýyklykda hyzmatyň 1 aýlyk bahasy:


  • 1 mb/s tizlikli internet — 150 manat;
  • 2 mb/s tizlikli internet — 180 manat;
  • 4 mb/s tizlikli internet — 230 manat;
  • 6 mb/s tizlikli internet — 280 manat.

Habarda bellenilişine görä, 512 kbit/s internet tizligi bolan nyrhnamany ulanýan abonentler awtomatiki ýagdaýda 1 mb/s tizlikli nyrhnama birikdiriler.