Turkmenportal logo
09.02.23
2308423084
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýagşymyradow bilen Englikasyň arasyndaky tutluşyk San-Hose şäherindäki «SAP-Sentr» sport toplumynda geçiriler

Türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradow bilen litwaly Julios Englikasyň arasyndaky tutluşygyň geçiriljek şäheri we ýeri belli boldy. Tutluşyk şu ýylyň 10-njy martynda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Hose şäherindäki «SAP-Sentr» sport toplumynda geçiriler.


Bellator 292-niň çägindäki bu tutluşyl Showtime hemra teleýaýlymynda we tölegli kabel telewideniýesi arkaly göni ýaýlymda alnyp görkeziler.


32 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradowyň Bellator bilen 2020-nji ýylda şertnama baglaşandygyny ýatladýarys. Ol Bellatordaky ilkinji türkmenistanly wekil boldy. Onuň hasabynda 19 ýeňiş, 7 utulyş we 1 deňlik bar. Ol Russiýanyň ACB (2018-nji ýyl) we ACA (2019-njy ýyl) guramalarynyň çempiony boldy.


Litwa Respublikasyndan 31 ýaşly pälwan Julius Englikas karýerasynda 13 tutluşyk geçirip, şolaryň 10-synda ýeňiş gazandy.