Turkmenportal logo
08.02.23
2179321793
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Yhlas Saparmämmedow «Köpetdagdan» «Altyn asyra» geçdi

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary 25 ýaşly ýarym goragçy Yhlas Saparmämmedow bilen şu möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşandygyny mälim etdi.


Saparmämmedow 2020-nji ýylyň tomsunda «Köpetdagyň» düzümine goşuldy. Ol 2018 ― 2020-nji ýyllaryň aralygynda bolsa «Ahal» futbol toparynyň köýnekçesini geýdi.


Yhlas Saparmämmedowyň Türkmenistanyň 21 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň düzüminde 2015-nji ýylda Arkalaşygyň kubogyna hem gatnaşandygyny ýatladýarys.


Futbolçy 2019-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyrylyp gelýär. Ol milli ýygyndydaky ilkinji resmi duşuşygyny geçen ýyl myhmançylykda Koreýa Respublikasynyň ýygyndysyna garşy (0:5) geçirdi. Häzire çenli ol milli ýygyndyda 4 gezek meýdana çykdy.


Transfermarkt portaly Yhlas Saparmämmedowa 75 müň ýewro baha kesýär.