Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji ýarymyny «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol toparynda geçiren ýarym goragçy Yhlas Saparmämmedow Içeri işler ministrliginiň «Köpetdagynyň» düzümine goşuldy.
Milli Olimpiýa ýygyndymyzda hem birnäçe duşuşyk geçiren ezber futbolçy «Köpetdag» bilen üç ýyllyk şertnama baglaşdy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Çempionatyň birinji ýarymynda bir gezek tapawutlanan ýarym goragçy şol pökgini 3-nji tapgyrda «Merwiň» derwezesinden geçirdi. Ol birinji ýarymda «Ahalyň» düzüminde 13 duşuşykda 1147 minut oýnady. «Ahalyň» düzüminde AFK-nyň kubogynda hem 10 duşuşyk geçiren 23 ýaşly futbolçy
Ol dürli ýyllarda «Ahal», «Hazyna», «Aşgabat» ýaly toparlaryň düzüminde çykyş etdi.