Turkmenportal logo
29.01.23
3999939999
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň wekiliýeti Türkmenistana resmi sapar gurar
State Duma Chairman Vyacheslav Volodin

RF-iň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin ýekşenbe güni Aşgabat şäherine iki günlük resmi sapar bilen geler. Döwlet Dumasynyň Metbugat gullugynyň habaryna görä, W.Wolodin Türkmenistana gelýän parlamentariler wekiliýetine ýolbaşçylyk eder.


Habarda «29-30-njy ýanwarda Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky döwlet Dumasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana resmi sapary bolar» diýilýär.


Saparyň çäginde wekiliýetiň Türkmenistanyň Mejlisinde ýygnaklary meýilleşdirilýär. Russiýanyň we Türkmenistanyň deputatlary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin parlamentara hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşarlar.


Geçen ýylyň noýabr aýynda Moskwada Wýaçeslaw Wolodin Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Duşuşykda parlamentara gepleşikleri güýçlendirmek meseleleri, şeýle hem beýleki birnäçe ugurlar boýunça pikir alyşyldy.