Turkmenportal logo
22.01.23
2925229252
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ruslan Mingazow «Kitçidäki» ilkinji baýragyny gazandy
Ruslan Mingazow «Kitçidäki» ilkinji baýragyny gazandy

«Kitçiniň» türkmenistanly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň toparynda ilkinji baýragyny eýeledi.


Ruslanyň çykyş edýän topary «Senýor Şild» baýragy ugrundaky duşuşykda 11 metrlik urgularyň netijesinde «Istern» futbol klubuny ýeňmegiň hötdesinden geldi. Esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlanan duşuşykda 11 metrlik urgular «Kitçiniň» peýdasyna jemlendi — 4:2.


Bu «Kitçiniň» kolleksiýasynda sekizinji «Senýor Şild» baýragydyr. Mundan başga-da, topar 11 gezek Gonkongyň çempionydyr.


Mingazow «Kitçä» 2022-nji ýylyň martynda geçdi. 2023-nji ýylda bolsa topar 31 ýaşly futbolçy bilen şertnamasyny uzaldandygyny yglan etdi. Täze şertnama 2025-nji ýyla çenli uzaýar.