Turkmenportal logo
21.01.23
4364643646
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kenarýaka futbol boýunça Aziýanyň kubogynyň bijesi çekildi

Penşenbe güni kenarýaka futbol boýunça şu ýyl geçiriljek Aziýanyň kubogynyň bijeleri çekildi. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berdi.


Yklym ýaryşy şu ýylyň 16 ― 26-njy marty aralygynda Tailandyň Pattaýa şäherinde geçiriler.


Aziýanyň kubogyna 16 ýygyndy gatnaşar. Olar dört-dörtden dört toparça bölündiler.


  • «A» toparça: Saud Arabystany, Owganystan, Bahreýn, Tailand. ⠀
  • «B» toparça: Özbegostan, Malaýziýa, Eýran, BAE.
  • «С» toparça: Indoneziýa, Hytaý, Liwan, Ýaponiýa.
  • «D» toparça: Gyrgyzystan, Kuweýt, Palestina, Oman. ⠀ ⠀

Ýaryşyň çärýek finalyna her toparçadan iki ýygyndy çykar.


AFK kenarýaka futbol boýunça yklym ýaryşyny 2006-njy ýyldan bäri geçirip gelýär. Ilkinji ýaryş Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilipdi. Häzirki çempion bolsa Ýaponiýanyň ýygyndysydyr. Ol çempionlygyny 2019-njy ýylda gazanypdy.