Turkmenportal logo
21.01.23
5293052930
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki mejlisi başlady

Şu gün Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurduň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi öz işine başlady.


Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda öňe süren başlangyjy ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berilýär.


Ozal habar berişimiz ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşi bir palataly ulgama öwürmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky başlangyjy bilen çykyş etdi.