Turkmenportal logo
12.01.23
5146251462
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pariž — 2024-iň saýlamasynda Türkmenistanyň zenanlar futbol ýygyndysynyň garşydaşlary belli boldy

2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky olimpiýa oýunlarynyň zenanlaryň arasyndaky futbol ýaryşynyň Aziýa yklymy boýunça 1-nji saýlama tapgyryna bije çekildi.


Bijä laýyklykda, Türkmenistanyň zenanlar futbol ýygyndysy Hindistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndylary bilen bir kwartetden — «G» toparçadan orun aldy.


Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň zenanlar futbol ýygyndysy bijä üçünji sebetden, Hindistan birinji sebetden, Gyrgyzystan bolsa ikinji sebetden gatnaşdy.


Pariž — 2024-iň zenanlaryň arasyndaky futbol ýaryşynyň Aziýa yklymy boýunça birinji saýlama tapgyrynda diňe toparçarda birinji orny eýelän ýygyndylar indiki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýar. Birinji saýlama tapgyryň oýunlary 2023-nji ýylyň aprel aýynda geçiriler.