Turkmenportal logo
09.01.23
5395853958
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Portugaliýanyň milli ýygyndysyna täze tälimçi bellenildi
Surat: LiveResult.Ru

Portugaliýanyň milli ýygyndysyna täze baş tälimçi bellenildi. Bu barada Portugaliýanyň Futbol federasiýasy mälim etdi.


Ýurduň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, DÇ-2022-den soňra wezipesinden boşadylan Fernandu Santuşyň ýerine şol ýaryşdan soňra Belgiýanyň ýygyndysy bilen hoşlaşan Roberto Martines bellenildi. Geň ýeri, Portugaliýa Santuşyň tälim bermeginde DÇ-2022-niň çärýek finalynda ýaryşy bes eden bolsa, Belgiýa Martinesiň tälimçiliginde toparçalaýyn tapgyrda bäsleşikden çykypdy.