2019-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanow Aziýanyň kubogynda Ýaponiýanyň derwezesinden ajaýyp gol geçiripdi.
Duşuşygyň 27-nji minudynda Ruslan Mingazowyň özüne geçiren pökgüsini 35 metr uzaklykdan derwezä gönükdiren türkmenistanly ýarym goragçynyň urgusynyň badyna ýapon derwezeçi ýetişmedi. Pökgi sagatda 113 kilometr tizlik bilen derwezä girdi.
Bu gol türkmen ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2019-daky ilkinji geçiren pökgüsi bolupdy. Duşuşyk bolsa ýapon ýygyndysynyň 3:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.
32 ýaşly Arslanmyrat Amanowyň häzirki wagtda «Ahal» futbol toparynda çykyş edýändigini ýatladýarys.
Geçen ýyl Kataryň «Al-Garafa» toparynyň derwezesinden hem üç pökgi geçiren Arslanmyrat Amanowyň AFK-nyň Çempionlar ligasynda het-trik eden ilkinji türkmenistanly futbolçy bolandygyny ýatladýarys.