Turkmenportal logo
06.01.23
1763717637
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-nyň Wekiller palatasy bäşinji gezek hem başlyk saýlap bilmedi
Surat: aa.com.tr

ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň agzalary bäşinji gezek ses berlişikde hem täze başlygy saýlap bilmedi. Ses berlişigi C-SPAN teleýaýlymy görkezdi diýip, «MIR 24» ýazýar.


Netijede, Respublikaçylar partiýasynyň başlygy Kewin Makkarti bu wezipä saýlanmak üçin gerek bolan sesleriň 218-sini almagy başarmady.


Ýeri gelende aýtsak, täze çagyrylyşdaky Kongres öz işine 3-nji ýanwarda başlady. Şu hepdäniň sişenbe güni aşaky palatanyň täze başlygy saýlanar diýlip garaşylýardy, emma ses berlişigiň netijeleri boýunça ýeňijini saýlap bilmediler.


Kongresiň aşaky palatasynyň işi başlyk saýlanmasa, togtadylýar, sebäbi kanunçykaryjylar Kasam kabul edip we doly bahaly kanundöredijilik işine girişip bilmeýärler.