Turkmenportal logo
04.01.23
2703227032
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Halkara boks assosiasiýasynyň täzelenen reýting-sanawynda 70-nji orny eýeledi.
Türkmenistan Halkara boks assosiasiýasynyň täzelenen reýting-sanawynda 70-nji orny eýeledi.

Sanaw assosiasiýanyň resmi saýtynda paýlaşyldy.


Oňa 135 döwlet girizildi we sanaw agram derejeleriniň 17-si boýunça türgenleriň görkezijileri hasaba alnyp düzüldi.


Sanawyň başyny Gazagystan çekýär. Özbegistan ― ikinji orunda. Ilkinji bäşligi Hindistan, ABŞ we Türkiýe jemleýär.


Täzelenen reýtingde Türkmenistana 3 müň utuk berildi. Türkmenistan sanawda Ugandadan bir basgançak aşakda, Çehiýadan bolsa bir basgançak ýokarda ýerleşýär.