Turkmenportal logo
30.12.22
5865758657
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Horeografiýa sungaty boýunça okatmagyň usulyýeti» atly maslahat geçirildi

Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary «Horeografiýa sungaty boýunça okatmagyň usulyýeti» atly okuw-amaly maslahatyna gatnaşdylar.


Bu maslahat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi tarapyndan guraldy diýip, «Jeyhun.news» habar berýär.


Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda sazçylyk we sungat mekdepleriniň horeografiýa sungaty boýunça sapak berýän mugallymlary çykyş etdiler. Görelde sapaklar bolsa okuw-usuly maslahata gatnaşyjylaryň özara pikir alyşmagyna goşmaça şert döretdi.