Turkmenportal logo
17.12.22
1699216992
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Raisi Serdar Berdimuhamedowy türkmen Bitaraplygynyň 27 ýyllygy bilen gutlady
Surat: google.com

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty geldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Goňşy ýurduň döwlet Baştutany ýollan hatynda Prezident Serdar Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy bilen mähirli gutlaýar.


— Dostlukly we doganlyk Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi we halkyňyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn.


Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny saýlap almak baradaky çözgüdini ilkinjileriň hatarynda goldan ýurtlaryň biri bolmak bilen hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, dürli sebitleýin we halkara düzümlerde bu syýasaty goldamagyny dowam edýär.


Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de abadançylyk dileg edýärin — diýip, Seýed Ebrahim Raisi türkmen kärdeşine iberen hatynda ýazýar.