Turkmenportal logo
14.12.22
3057730577
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sankt-Peterburgdaky seýil bagyna şahyr Rasul Gamzatowyň ady dakylar
Surat: riadagestan.ru

Nusgawy awar şahyry Rasul Gamzatowyň doglan gününiň 100 ýyllygynyň baýramyna gabatlanyp, Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki seýil bagyna ady dakylar. Ol şäheriň Kalinin etrabyna ýerleşýär diýip, RF-niň wise-premýeri Tatýana Golikowa habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.


Şahyryň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň 42-sini ýokary derejede geçirmek üçin ýörite guramaçylyk topary düzüldi. Esasy baýramçylyk dabaralary Gamzatowyň dogduk Watany Mahaçgalada hem-de Döwlet Kreml köşgünde geçiriler.


Öň Gamzatowyň 100 ýyllygyna bagyşlap, Russiýada «Ak durnalar» atly wişnýa sortunyň döredilendigi habar berlipdi.


Rasul Gamzatow 1922-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda doguldy. Onuň goşgulary dünýäniň onlarça diline terjime edildi.