Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.
Şeýle-de «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Resminama laýyklykda:
- 1-nji derejeli ýurist Didar Suhanberdiýewiç Orazow Daşoguz welaýatynyň prokurory wezipesine bellenip, Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
- 1-nji derejeli ýurist Begli Täşliýewiç Täşliýew Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenabat prokurory wezipesine bellendi.
- Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Begmyrat Nurýagdyýewiç Garryýew Daşoguz welaýatynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.
- Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Ahmet Berdimyradowiç Annamyradow Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenabat prokurory wezipesinden boşadyldy.